Gudratygüýçli Hudaýyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».
Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.
Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.