Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 21:13 - Mukaddes Kitap

13 Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Павлус: «Нәме үчин аглашып, мениң йүрегими агырдярсыңыз? Мен Иерусалимде диңе эл-аягымың багланмагына дәл, эйсем, Реббимиз Исаның ады үчин өлмәге-де тайяр» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 21:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.


Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


«Näme üçin siz Ysraýyl ýurdy hakynda „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýen nakyly aýdýarsyňyz?


Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehimi inip, bizi halas eder» diýdi.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.


Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Rebbimiz Isa Mesihiň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Men hoşlaşyk pursadyndaky gözýaşlaryňy ýatlaýaryn, şatlykdan dolmak üçin seniň bilen didarlaşmagy küýseýärin.


Çünki meniň ganym Hudaýa hödür edilýän içgi sadakasy kimin döküljek bolup dur. Bu dünýäden ötmeli pursadym ýetdi.


Sebäbi Rebbimiz Isa Mesihiň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin.


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.


Äri oňa: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi.


Şamuwel oňa: «Onda bu goýunlaryň mälemesidir öküzleriň molamasy näme?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ