Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 20:31 - Mukaddes Kitap

31 Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Шонуң үчин хүшгәр болуң. Үч йыллап гиҗе-гүндиз гөзяшларым билен хер бириңизе үзнүксиз несихат эденими ядыңызда саклаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 20:31
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».


Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär.


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi.


Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


Men bulary sizi utandyrmak üçin däl-de, size nesihat bolsun diýip ýazýaryn, sebäbi siz meniň eziz balalarym ahyryn!


Men ozal muny size gaýta-gaýta aýdypdym. Indi bolsa aglap, ýene aýdýaryn: Mesihiň haçyna duşman bolup ýaşaýanlar köpdür.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň.


Men heniz ýanyňyzdakam bulary aýdanym, elbetde, ýadyňyzdadyr.


hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik.


Sen bolsa her ýagdaýda hüşgär bol, görgülere dözümli bol, Hoş Habary ýaýratmak ugrunda zähmet çek, özüňe tabşyrylan hyzmaty doly bitir.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


«Ine, Men bir ogry kimin gelýärin! Oýa bolan bagtlydyr! Ýalaňaç gezmän, uýatlaryny görkezmän, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ