Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 20:30 - Mukaddes Kitap

30 Hatda öz araňyzdan käbir adamlar çykyp, şägirtleri yzyna eýertdirjek bolup, hakykaty ýoýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Хатда өз араңыздан кәбир адамлар чыкып, шәгиртлери ызына эертдирҗек болуп, хакыкаты ёярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 20:30
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.


Gözleriň geň-taň zatlary görer, seniň aňyň egri sözler aýdar.


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Ýeňlişe sezewar bolanlarynda, olara biraz kömek ediler. Köp adam ýaranjaňlyk bilen olara goşular.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz ýekeje adamy öz diniňize saljak bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Diniňize salanyňyzdan soň bolsa, ony özüňizden hem iki esse köp dowzahyň jezasyna sezewar edýärsiňiz.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi.


Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ