Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 20:29 - Mukaddes Kitap

29 Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Мен гиденимден соңра, араңыза йыртыҗы мөҗеклериң гелҗегини билйәрин, олар сүрини аяп гоймазлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 20:29
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Başyňyzy galdyryp, demirgazykdan gelýänleri görüň. Saňa berlen süri, ajaýyp süriň nirede?


«Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


«Öz barlygymdan ant içýärin, çopanyň ýoklugy üçin Meniň goýunlarym talandy we ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopanlarym goýunlarymy idemediler, olar sürini bakman, özlerini bakdylar».


Ýeňlişe sezewar bolanlarynda, olara biraz kömek ediler. Köp adam ýaranjaňlyk bilen olara goşular.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Gidiň! Ine, Men sizi möjekleriň arasyna guzular kimin ýollaýaryn.


Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.


Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr.


Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ