«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.
Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».
Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler.
Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.
Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».
Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.
Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.
Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.
Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.