Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 20:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Ёлбашчылар Павлусың янына геленлеринде, олара шейле дийди: «Мениң Азия велаятына гелен илкинҗи гүнүмден бәри сизиң яныңызда нәхили яшандыгымы өзүңиз билйәнсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 20:18
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Emma sen meniň taglymatymy, durmuş ýörelgämi, maksadymy, imanymy, sabyr-takatymy, söýgimi, çydamlylygymy bilýänsiň. Antiýoh, Ikoniýa we Listra şäherlerindäki yzarlanmalar zerarly gören görgülerimi, olara näderejede çydandygymy hem bilýänsiň. Reb meni bu görgüleriň baryndan halas etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ