Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 20:17 - Mukaddes Kitap

17 Pawlus Militosdan Efese adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Павлус Милитосдан Эфесе адам иберип, йыгнагың ёлбашчыларыны янына чагыртды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 20:17
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.


Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar.


Olar şäherleriň içinden geçip, ol ýerdäki imanlylara Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi tabşyrýardylar.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Ol ýerden gämi bilen ýüzüp, ertesi Hiýos adasynyň golaýyna ýetdik. Bir günden soň bolsa Samosa geçip, onuň ertesi hem Militosa baryp ýetdik.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ