Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 20:16 - Mukaddes Kitap

16 Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Павлус Азия велаятында вагтыны йитирмезлик үчин, Эфесиң гапдалындан гечип гитмеги йүрегине дүвди. Ол Иерусалиме етмәге ховлугярды, себәби Эллинҗи гүн байрамы гүни ол ерде болмак ислейәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 20:16
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.


Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir hyzmatkär gyz açmaga geldi.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Pawlus Asos şäherine pyýada gitmek kararyna geldi. Beýlekilerimiz bolsa gämä münüp gitdik. Biz ol ýerde Pawlusy garşy almalydyk. Muny bize onuň özi şeýle tabşyrypdy.


Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz.


Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok.


Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.


Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar.


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ