Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 2:46 - Mukaddes Kitap

46 Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

46 Олар бир адам ялы болуп, хер гүн ыбадатханада йыгнанардылар. Бири-бириниңкә мыхманчылыга барып, чөреги бөлүшип иййәрдилер. Чын йүрекден шатланып нахарларыны пайлашардылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 2:46
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.


Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler.


Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.


Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.


Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ