Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 2:40 - Mukaddes Kitap

40 Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Петрус башга-да көп делиллер билен олара шаятлык эдип: «Өзүңизи бу азгын несилден халас эдиң!» дийип ялбарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 2:40
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».


Eý, halkym, ol ýerden çyk, Rebbiň gahar-gazabyndan hemmäňiz janyňyzy halas ediň.


Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?


Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Isa başga-da köp işler etdi. Bular birin-birin ýazylan bolsa, onda ol kitaplar, meniň pikirimçe, tutuş äleme-de sygmazdy.


Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi.


Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Ýewtuk atly bir ýaş ýigit penjirede otyrdy. Pawlus gürrüňini dowam edýärkä, Ýewtugy uky basyp, üçünji gatdan ýykyldy. Ony baryp görenlerinde, ol eýýäm jan beren eken.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Özüni sünnetletmäge ýol beren her bir adama men ýene-de bir gezek şuny mälim edýärin: ol tutuş Mukaddes Kanuny berjaý etmäge borçludyr.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.


Ýaşaýyş ýörelgäňe we öwredýän taglymatyňa üns ber. Bu işleri erjellik bilen amal et. Şonda sen özüňi-de, diňleýjileriňi-de halas edersiň.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ