Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 2:39 - Mukaddes Kitap

39 Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Бу вада сизиң өзүңиз ве чагаларыңыз үчин, узакда боланларың әхлиси, ягны Худайымыз Реббиң чагырҗакларының хер бири үчиндир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 2:39
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.


«Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr.


Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.


Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.


Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.


Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.


Çünki Hudaý beren peşgeşlerini yzyna almaýar, Öz çakylygyny ýatyrmaýar.


Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.


Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys.


Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir.


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr.


Şoňa görä-de, biz elmydama siziň üçin doga-dilegler edýäris: goý, Hudaý sizi Öz çagyryşyna mynasyp saýsyn; goý, ähli ýagşy niýetleriňizi we imanyňyzyň gönükdiren her bir işini Hudaý Öz gudraty bilen amala aşyrsyn.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr.


Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Hudaýyň ýörelgesi boýunça ýaşamagymyz üçin Ol Öz güýji arkaly bize gerek bolan ähli zady berdi. Ol muny ýagşylyk we şöhrat bilen bizi Çagyrany tanamagymyz üçin etdi.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ