Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 2:38 - Mukaddes Kitap

38 Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38 Петрус олара шейле дийди: «Тоба эдиң, хер бириңиз Иса Месихиң ады билен сува чүмдүрилиң. Шонда сизиң гүнәлериңиз багышланар ве Мукаддес Рухуң пешгешини аларсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 2:38
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


«Siona, Ýakup neslinden bolup, ýazyklaryndan dönenlere Penakär geler». Muny Reb aýdýandyr.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.


Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.


Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Şalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.


Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady.


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Onsoň Petrus olaryň Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdürilmegini buýurdy. Soňra olar Petrusdan ýene birnäçe gün ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi.


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň.


Ýa-da siz suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigip, indi Onuň ölümine şärik bolýandygymyzy bilmeýäňizmi?


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ