Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 2:33 - Mukaddes Kitap

33 Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Инди Иса бейгелдилди ве Ол Худайың сагында отыр. Ол вада эдилен Мукаддес Рухы Ата Худайдан кабул эдип, Оны бизиң үстүмизе ягдырды. Муны сизиң өзүңиз гөрүп ве эшидип дурсуңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 2:33
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Parzlaryňdan lezzet alaryn, Seniň sözüňi men unutmaryn.


Ine, gulum rowaçlanar, ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar, gaty belende çykarylar.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.


Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy,


Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


Eý, Atam, dünýä ýaradylmazdan öňem Meniň Seniň huzuryňda şöhratym bardy. Indi şol şöhrat bilen Meni ýene-de Öz huzuryňda şöhratlandyr.


Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň.


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.


Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdi; ynsanlara peşgeşler berdi».


Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-bol eçildi.


Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ