Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Реббиң бейик ве газаплы гүни гелмезден озал, Гүн түмлүге, Ай хем гана дөнер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 2:20
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.


Tutulanlar naýzadan geçiriler, ele düşen gylyçdan ötüriler.


Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär, ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin, ondaky günäkärleri ýok etmek üçin, gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.


Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


Rebbiň öç güni, Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.


Men–Ýermeýa ýere syn etdim, ine, ol şekilsiz boşlukdy. Asmana bakdym, onda yşyk ýokdy.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.


Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.


Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.


Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz.


Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.


Men ýokarda, asmanda mugjyzalar, aşakda, ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.


şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.


Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn.


Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


Dördünji perişde käsesini Güne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-köýdürmeklik güýji berildi.


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ