Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.
Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.
Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.
Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.
Muny eşidenlerinde, olaryň hemmesi batly ses bilen Hudaýa şeýle doga-dileg etdiler: «Eý, Hojaýynymyz Reb! Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan Sensiň!
Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.
Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.