Demetreýiň ýa-da onuň ýanyndaky ussalaryň birine garşy dawalary bar bolsa, kazyýetiň gapylary açyk, ol ýerde kazylar bar. Goý, biri-birine garşy aýyplamalaryny aýdyp, şol ýerde arz etsinler.
Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.