Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:34 - Mukaddes Kitap

34 Emma halk onuň ýahudydygyny bilende, hemmesi biragyzdan: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Эмма халк онуң яхудыдыгыны биленде, хеммеси бирагыздан: «Эфеслилериң Артемиси бейикдир!» дийип, ики сагатлап гыгырып дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:34
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň. Olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler.


Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar,


Demetreý atly bir zergär bardy. Ol kümüşden Artemis buthanasynyň şekillerini ýasamak bilen ussalara köp girdeji getirerdi.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip gygyrmaga başladylar.


Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.


Şäher kätibi mähelläni köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý, efesliler! Beýik Artemis buthanasynyň we asmandan inen heýkeliniň goragçysynyň Efes şäheridigini kim bilmeýär?!


Zyna etmezligi wagyz edip, näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenji saýýan bolsaň, näme üçin Öz Hudaýyňa garşy küpür gepleýärsiň?


Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol öz ygtyýaryny jandara beripdi. Olar: «Jandara taý geljek barmy? Oňa garşy urşup biljek barmy?» diýip, oňa hem sežde etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ