Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:33 - Mukaddes Kitap

33 Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Онсоң яхудыларың итермеги билен, мәхелләниң ичинден Исгендер диен бир адамы өңе чыкардылар. Кәбир адамлар нәме диймелидигини оңа гыгырып айтдылар. Исгендер эли билен ышарат эдип, халкың өңүнде гепләп, өзүни гораҗак болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:33
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň!


Emma halk onuň ýahudydygyny bilende, hemmesi biragyzdan: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdular.


Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady:


Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin.


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.


Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ