Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:29 - Mukaddes Kitap

29 Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Шейдип, бүтин шәхер галагоплуга дүшди. Халк македониялы Гаюс билен Аристархы тутуп, олары томаша мейданына сүйрәп гетирди. Бу икиси ёлда Павлуса ёлдаш болупдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:29
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi.


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.


Halk we şäher ýolbaşçylary bu habary eşidip howsala düşdüler.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.


Tomaşa meýdanyndaky jemagat galagopluga düşdi. Olaryň hersi bir zat diýip gygyrýardy. Köpüsi näme üçin üýşendiklerini hem bilmeýärdi.


Siz meniň özümiň we ýoldaşlarymyň mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin, ellerim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz.


Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.


Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi.


Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.


Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.


Hudaýa müň-de bir şükür, men Krispus bilen Gaýusdan başgaňyzy suwa çümdürmedim.


Hudaý bizi, ýagny resullary, dabaraly ýörişde iň soňky hatarda goýaýdy öýdýän. Biz märekäniň göz alnynda öldüriljekler kimin bolduk. Hawa, biz tutuş älem-jahana: perişdelere-de, ynsanlara-da tomaşa bolduk.


Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.


Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ