Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:21 - Mukaddes Kitap

21 Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Бу вакалардан соң, Павлус Македонияның ве Ахаяның үстүнден гечип, Иерусалиме гитмеги йүрегине дүвди. Павлус: «Ол ерде боланымдан соң, Рими хем гөрмегим герек» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:21
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.


Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok.


Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi şatlyk bilen garşyladylar.


Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim.


Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş Habary wagyz etmegi küýseýärin.


Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi.


Hudaý ýol berse, men tizara size barjakdyryn. Şonda olaryň gepini däl-de, güýjüni göräýerin.


Şonda biz siziň sebitleriňizden has uzaklarda-da Hoş Habary wagyz edip bileris. Sebäbi biz başganyň çäklerindäki taýýar işler bilen öwünmek islemeýäris.


Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi.


Şeýdip, Makedoniýa bilen Ahaýadaky imanlylaryň ählisine görelde bolduňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ