Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:19 - Mukaddes Kitap

19 Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň ençemesi kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş teňňe çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Җадыгөйлик билен мешгулланянларың энчемеси китапларыны үйшүрип, хеммәниң гөзүниң алнында якдылар. Оларың бахасыны хасапланларында, элли мүң күмүш теңңе чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:19
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi.


Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler.


Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.


Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan, ýa-da deriden – parhy ýok, ruhany ol zeň ýaýran eşigi oda ýaksyn.


Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.


«Aýdaly, bir aýalyň on sany kümüş teňňesi bar eken. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, ony tapýança, üns berip gözlemezmi?


Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Barýeşa atly bir ýahuda duş geldiler. Ol jadygöý we galp pygamberdi.


Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy.


Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ