Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:18 - Mukaddes Kitap

18 Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Иман эденлериң көпүси гелип, эден этмишлерини ачык боюн алдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:18
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin.


Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn.


Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.


Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi.


Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň ençemesi kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş teňňe çykdy.


Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ