Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 19:17 - Mukaddes Kitap

17 Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эфесде яшаян яхудыларың ве греклериң хеммеси бу ваканы эшидип горкдулар. Реб Исаның ады бейгелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 19:17
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi.


Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Onsoň erbet ruh eýelän adam olaryň üstüne topulyp, ählisini basdy. Şonda olar bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler.


Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar.


Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy.


Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy.


Halk olara uly hormat goýsa-da, hiç kim olara goşulmaga milt edip bilmedi.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.


Biz Hudaýymyzyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetine görä, siziň Rebbi şöhratlandyrmagyňyz üçin, Onuň-da sizi şöhratlandyrmagy üçin şu doga-dilegleri edýäris.


Eý, doganlar! Rebbiň Hoş Habary siziň araňyzda çalt ýaýrap, şöhratlandy. Ol beýleki ýerlerde-de şeýle bolar ýaly, biziň üçin doga-dileg ediň.


Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ