Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 18:26 - Mukaddes Kitap

26 Ol sinagogada gaýduwsyzlyk bilen geplemäge başlady. Priskilla bilen Akila Apollonyň wagzyny eşidenlerinde, ony öz öýlerine çagyryp, oňa Hudaýyň ýoluny has doly düşündirip berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ол синагогада гайдувсызлык билен геплемәге башлады. Прискилла билен Акила Аполлоның вагзыны эшиденлеринде, оны өз өйлерине чагырып, оңа Худайың ёлуны хас долы дүшүндирип бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 18:26
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.


Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.


Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady.


Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.


Rebbiň ýolunda tälim alan bu adam ruhy hyjuw bilen gepleýärdi. Diňe Ýahýanyň çümdüriş taglymatyny alan hem bolsa, Isa bilen bagly taglymaty dogry öwredýärdi.


Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýdi. Onsoň Filipi araba münüp, ýanynda oturmaga çagyrdy.


Göz ele: «Sen maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. Kelle hem aýaklara: «Siz maňa gerek däl!» diýip bilmeýär.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Kim haýsydyr bir zady eýýäm bilýändirin öýtse, onda ol heniz bilmelisi ýaly bilýän däldir.


Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek,


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ