Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 18:25 - Mukaddes Kitap

25 Rebbiň ýolunda tälim alan bu adam ruhy hyjuw bilen gepleýärdi. Diňe Ýahýanyň çümdüriş taglymatyny alan hem bolsa, Isa bilen bagly taglymaty dogry öwredýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Реббиң ёлунда тәлим алан бу адам рухы хыҗув билен геплейәрди. Диңе Яхяның чүмдүриш таглыматыны алан хем болса, Иса билен баглы таглыматы догры өвредйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 18:25
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.


Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.


Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär».


Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.


Indi sen özüňe öwredilen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirersiň.


Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar.


«Eý, iblis ogly! Sen ähli dogrulygyň duşmanysyň. Seniň ýüregiň her dürli hileden we galplykdan doly. Rebbiň hak ýoluny ýoýmagyňy haçan bes etjek?


Ol Pawlusyň we biziň yzymyza düşüp: «Bu adamlar Beýik Hudaýyň gullarydyr. Olar size halas bolmagyň ýoluny wagyz edýärler» diýip gygyrýardy.


Ol sinagogada gaýduwsyzlyk bilen geplemäge başlady. Priskilla bilen Akila Apollonyň wagzyny eşidenlerinde, ony öz öýlerine çagyryp, oňa Hudaýyň ýoluny has doly düşündirip berdiler.


Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy.


Olardan: «Onda nämä esaslanyp çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çümdürmesine esaslanyp çümdürildik» diýip jogap berdiler.


Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.


Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Şeýdip, olary şu halklar bilen synap görjek, ata-babalary ýaly olar hem Rebbiň ýolundan ýörärlermikä ýa-da ýok?»


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ