Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 18:24 - Mukaddes Kitap

24 Şol wagt Apollo atly bir ýahudy Efese geldi. Onuň asly isgenderiýalydy. Gepe çeper Apollo Mukaddes Ýazgylary örän gowy bilýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шол вагт Аполло атлы бир яхуды Эфесе гелди. Онуң аслы исгендериялыды. Гепе чепер Аполло Мукаддес Язгылары өрән говы билйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 18:24
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam!


Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


ellibaşylary, atly-abraýly adamlary, maslahatçylardyr mekir gözbagçylary, ökde jadygöýleri aradan aýrar.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Ýüzbaşy şol ýerde Isgenderiýadan gelip, Italiýa gitjek bolup duran gämini tapdy we bizi oňa mündürdi.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.


Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz.


Indi bolsa doganymyz Apollo barada: men oňa doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegi üçin köp ýalbardym. Ýöne onuň edil şu pursat gitmäge meýli ýok. Ol ýanyňyza amatly wagt tapanda barar.


Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Kanunçy Zenasy we Apollony ýola salmazdan öň, olaryň ýol şaýlarynyň gurat bolmagy barada alada et.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ