Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 18:21 - Mukaddes Kitap

21 Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Хошлашмаздан өң, олара сөз берип: «Худай оңласа, яныңыза ене гелерин» дийди. Шундан соң Эфеси галдырып, гәмиде ёла дүшди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 18:21
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Isa olar bilen hoşlaşandan soň, Hudaýa doga etmek üçin daga çykdy.


Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy.


Adamlar Pawlusdan öz ýanlarynda köpräk galmagyny haýyş etdiler, emma Pawlus razy bolmady.


Şol wagt Apollo atly bir ýahudy Efese geldi. Onuň asly isgenderiýalydy. Gepe çeper Apollo Mukaddes Ýazgylary örän gowy bilýärdi.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.


Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Goý, Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk.


Beýle diýmekleriniň sebäbi, munuň öň ýany efesli Trofymy şäherde Pawlus bilen bile görüpdiler we Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdüp pikir edýärdiler.


Hudaýyň islegine görä siziň ýanyňyza tizara baryp biler ýaly, Ondan bir ýol açmagyny hemişe soraýaryn.


Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn.


Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»


Häzir bolsa sizi ýöne ýol ugruna görüp geçesim gelenok. Gaýtam, Hudaý ýol berse, ýanyňyzda köpräk bolmagy umyt edýärin.


Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn,


Hudaý ýol berse, men tizara size barjakdyryn. Şonda olaryň gepini däl-de, güýjüni göräýerin.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi.


Muňa derek: «Reb oňlasa, ýaşarys, ony ýa-da muny ederis» diýmelisiňiz.


Eger Hudaýyň yradasy bilen ejir çekmeli bolsa, ýamanlyk edip ejir çekmekden ýagşylyk edip ejir çekmek has gowudyr.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ