Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:32 - Mukaddes Kitap

32 Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Олар Павлусың өлүмден дирелиш барадакы вагзыны эшиденлеринде, кәбирлери оны масгара этди, кәбирлери болса: «Бу хакда сени ене диңләрис» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:32
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Emma olaryň hemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmäge gitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“ diýýär.


Isany saklaýan adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:


„Serediň, eý, masgaralaýjylar, haýrana galyp, ýok boluň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz“».


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Şeýlelikde, Pawlus olaryň arasyndan çykyp gitdi.


Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.


Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi.


Muňa derek olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölüp giden, emma Pawlusyň diri diýýän adamy barada jedelleri bar eken.


Näme üçin Hudaýyň ölüleri direltmegini ynanyp bolmajak zat hasaplaýarsyňyz?


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Biz Mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumlar direlmez diýip bilýär?


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Çünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim, gutulyş gününde Men kömek etdim». Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir!


Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar.


Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ