Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:25 - Mukaddes Kitap

25 Ol ynsan eliniň hyzmatyna mätäç däl, Ol hiç zada zar däl, sebäbi her bir ynsana ýaşaýyş, dem we ähli zady berýän Onuň Özüdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Ол ынсан элиниң хызматына мәтәч дәл, Ол хич зада зар дәл, себәби хер бир ынсана яшайыш, дем ве әхли зады берйән Онуң Өзүдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:25
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.


Her bir jandaryň jany, bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.


«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?


içimde janym, burnumda Hudaýyň demi barka,


Hudaýyň Ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.


Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa,


Ýa Reb, Sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.


Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:


Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.


Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.


Biz Onuň bilen ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Käbir şahyrlaryňyzyň aýdyşy ýaly: „Biz Onuň zürýadydyrys“.


Hudaý bergili bolar ýaly, kim Oňa zat berdi?»


Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir».


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ