Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:23 - Mukaddes Kitap

23 Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Мен бүтин шәхере айланып чыкып, сизиң ыбадат эдйән затларыңызы гөзден гечирдим. Бу затларың арасындан „НӘТАНЫШ ХУДАЯ“ диен язгылы бир гурбанлык сыпасыны гөрдүм. Ине, мен сизе өзүңизиң танамаздан сежде эдйән Худайыңыз барада гүррүң бермекчи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:23
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Sen meni tanamasaň-da, bendäm Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna adyňy tutup çagyryp, hormat goýdum saňa.


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».


Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Öz Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.


Hatda ýerde ýa gökde «hudaý» diýlip atlandyrylýanlar bar bolaýsa-da (aslynda «hudaýlar» hem «hökümdar» saýylýanlar köpdür),


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ