Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:18 - Mukaddes Kitap

18 Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Бирнәче эпикур ве стоик таглыматчылар хем Павлус билен җеделлешдилер. Кәбири: «Бу яңра нәме дийҗек боляр?» дийсе, кәбири: «Ол кесеки худайлар барада вагыз эдйәр» диййәрди. Олар Павлус Исаның Хош Хабарыны ве дирелишини вагыз эдйәндиги үчин шейле диййәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:18
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Akmaga söz aýtma, çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.


Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.


Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy.


Isa ol ýerden gaýdan wagty fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň garşysyna çykyp, üstüne ençeme meseleler baradaky soraglary ýagdyrmaga başladylar.


Olar hem Mesihiň görgi görmelidigini, ilkinji bolup ölümden direlip, Öz halkyna we keseki milletlere Hudaýyň nuruny yglan etmelidigini aýan edipdiler».


Olar gahar-gazaba mündüler, sebäbi bu iki resul Isany mysal getirip, halka öwretmek bilen ölüleriň direlişini wagyz edýärdi.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Olar özlerini akylly saýyp, akmak boldular,


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ