Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шонда доганлар Павлусы шобада деңзиң кенарына угратдылар. Силас билен Тимотеос болса Берияда галдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Pawlusy ugradýanlar ony Afina çenli getirdiler. Olar Pawlusdan: «Silas bilen Timoteos tizden-tiz meniň ýanyma gelsinler» diýen buýrugy alansoňlar, Beriýa şäherine dolanyp geldiler.


Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Şägirtler bolsa gijäniň bir wagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler.


Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.


Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur.


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


Onsoň Rahap olara: «Kowguçylara duşmazyňyz ýaly daglyga tarap gidiň we olar yzyna dolanyp gelýänçäler, üç günläp ol ýerde gizleniň, soňra öz ýoluňyz bilen gidiberiň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ