Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:11 - Mukaddes Kitap

11 Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Бериядакы яхудыларың гөзъетими Салоникидәки яхудыларыңка гаранда хас гиңди. Олар Иса хакындакы хабары гөвүнҗеңлик билен кабул эдип, Павлусың айданларының хакыкатдыгыны гөрмек үчин, Мукаддес Язгылары хер гүн селҗерйәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:11
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.


Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.


Kümşi däl, nesihatymy al, sap altyn ornuna bilim al.


Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.


Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.


Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?


Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».


Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi.


Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Emma hak iş edýän adam Nura ýakynlaşýar. Şeýdip, onuň işleriniň Hudaýyň haky üçin edilýändigi äşgär bolýar.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler.


Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.


Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


Ýaňy doglan bäbekler ýaly sap ruhy süýdi küýsäň, şonda ösüp, halas bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ