Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 17:1 - Mukaddes Kitap

1 Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Павлус билен Силас Анфипол ве Аполония шәхерлериниң ичинден гечип, Салоникә гелдилер. Ол ерде яхудыларың бир синагогасы барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 17:1
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar.


Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.


Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.


Siz hatda Saloniki şäherinde mätäçlik çeken döwrümde-de maňa gaýta-gaýta kömegiňizi ýetiripdiňiz.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun!


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ