Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:9 - Mukaddes Kitap

9 Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шол гиҗе Павлус бир гөрнүш гөрди. Македониялы бир адам онуң гаршысында дуруп: «Македония гел, бизе көмек эт!» дийип ялбарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:9
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.


Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.


Pawlus başagaýlyk ýatyşandan soň, şägirtleri ýanyna çagyryp, olara öwüt-nesihat etdi. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugrady.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.


Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.


sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler.


Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Biz Makedoniýa baranymyzda-da, hiç bir rahatlyk tapmadyk. Gaýtam, daş-töweregimizde dawa-jenjeller, ýüregimizde gorky bolup, her ýandan gysyldyk.


Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris.


Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.


Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.


Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ