Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:39 - Mukaddes Kitap

39 Häkimler gelip, olardan ötünç soradylar we zyndandan alyp çykdylar. Soňra olara şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Хәкимлер гелип, олардан өтүнч сорадылар ве зындандан алып чыкдылар. Соңра олара шәхерден гитмеклерини хайыш этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:39
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi.


Patyşa muňa gaty begendi we Danyýeli çukurdan çykarmaklygy buýurdy. Şeýdip, Danyýel çukurdan çykaryldy, onda hiç hili ýara yzy ýokdy, çünki ol öz Hudaýyna bil baglapdy.


Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.


Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ