Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:34 - Mukaddes Kitap

34 Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Онсоң олары өйүне салып, өңлерине сачак язды. Ол тутуш өй-ичерси билен бирликде Худая иман эдендигине бегенди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:34
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Ol hem dessine aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.


Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar.


Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir.


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Ertesi daň atanda, häkimler öz gullukçylaryny iberip: «Şol adamlary boşat» diýdiler.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin.


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.


Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ