Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:31 - Mukaddes Kitap

31 Olar hem: «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý-içeriň hem halas bolar» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Олар хем: «Реббимиз Иса иман эт, өзүң-де, тутуш өй-ичериң хем халас болар» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:31
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar.


Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, emma dogruçyl iman bilen ýaşar».


Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.


Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».


Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin».


Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.


Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys».


Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.


Soňra olar baş gözegçä we onuň öý-içerisine Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».


Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi.


Sebäbi Hudaýa hödür edilen çörek mukaddes bolsa, şol hamyrdan bişirilen beýleki çörekler hem mukaddesdir; eger bagyň köki mukaddes bolsa, onuň şahalary hem mukaddesdir.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ