Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:25 - Mukaddes Kitap

25 Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Ярыгиҗе төвереги Павлус билен Силас дога-дилег эдип, Худая өвгүли нагмалар айдярдылар, туссаглар хем олары диңлейәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:25
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?


Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar, siňňin akýan suwlaryň ýakasyna äkidýär.


Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.


Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.


Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler.


Şol gijäniň özünde baş gözegçi olary bir çete çykaryp, ýaralaryny ýuwdy. Soňra dessine ol öý-içersindäkiler bilen bile suwa çümdürildi.


Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Diňe muňa däl, eýsem muşakgatlarymyza hem begenýäris, sebäbi muşakgatlaryň çydamy,


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň.


Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ