Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:23 - Mukaddes Kitap

23 Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, zyndanyň baş gözegçisine olary berk saklamagy tabşyrdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Көп таякланларындан соң, зындана салдылар-да, зынданың баш гөзегчисине олары берк сакламагы табшырдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:23
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi.


Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.


Gün doganda, esgerleriň arasynda uly galmagal turdy. Olar biri-birinden: «Petrusa näme bolduka?» diýşip soraýardylar.


Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.


Ukudan oýanan baş gözegçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny gördi. Ol tussaglar gaçandyr öýdüp, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy.


Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi.


Olar resullary tutup, şäher zyndanyna saldylar.


«Zyndan mäkäm gulply eken, garawullar hem gapylaryň agzynda duran ekenler, emma gapyny açanymyzda, içerde hiç kimi tapmadyk» diýip habar berdiler.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys.


Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin.


Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus,


Isa Mesihiň şägirdi hökmünde görgülere, Hudaýyň Şalygyna we çydamlylyga şärikdeşiňiz bolan men Ýohanna doganyňyz Patmos diýen adadadym. Men Hoş Habary wagyz edip, Isa Mesih hakda şaýatlyk edenim sebäpli bu ada sürgün edilipdim.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ