Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:19 - Mukaddes Kitap

19 Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Онуң хоҗайынлары газанч умытларының элден гиденини гөрүп, Павлус билен Силасы тутуп, базар мейданчасына сүйрәп гетирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:19
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiň näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi.


Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler.


Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Bular Rebbimiz Isa Mesihe gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr.


Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar,


Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.


Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys.


Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz.


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ