Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:15 - Mukaddes Kitap

15 Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Лидия тутуш өй-ичерси билен сува чүмдүриленден соңра бизи өйүне чагырып: «Мени Реббе садык сайян болсаңыз, гелиң-де, өйүмде галың» дийип ялбарып, бизи ырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:15
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar.


Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.


Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy.


Kim birini pygamberdigi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar.


Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.


Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“ diýýär.


Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.


Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir.


Olar hem: «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý-içeriň hem halas bolar» diýdiler.


Şol gijäniň özünde baş gözegçi olary bir çete çykaryp, ýaralaryny ýuwdy. Soňra dessine ol öý-içersindäkiler bilen bile suwa çümdürildi.


Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi.


Onsoň arabany saklatdy. Filip bilen agta bilelikde suwa girdiler. Filip ony suwa çümdürdi.


Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.


Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.


Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!


Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn!


Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et.


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň.


Eziz dostum, sen doganlara, hatda özüňiň tanamaýanlaryňa-da sadyklyk bilen hyzmat edýärsiň.


Biz hakykat ugrunda bile işlär ýaly, şeýle adamlary goldamaga borçludyrys.


«Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ