Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:14 - Mukaddes Kitap

14 Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бизи диңләп отуранларың арасында Лидия атлы бир сөвдагәр аял хем барды. Ол Тиятира шәхеринден болуп, гырмызы парчалар сатярды. Бу аял Худая сежде эдйәрди. Павлусың сөзлерине гулак асмак үчин, Реб онуң йүрегини ачды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:14
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Elini gapy deşiginden uzatdy ýarym, yşkym oňa galkyndy.


Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim.


Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.


Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler.


Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.


Onsoň Pawlus ol ýerden çykyp, Titus Ýustus atly bir adamyň öýüne bardy. Titus Ýustus Hudaýa sežde edýän adam bolup, onuň öýi sinagoga bilen ýanaşykdy.


Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,


Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


«Görýänleriňi ýaz-da, ony ýedi ýygnaga: Efese, Izmire, Pergamona, Tiýatira, Sardise, Filadelfiýa we Laodikiýa ýolla» diýdi.


Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ