Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 16:13 - Mukaddes Kitap

13 Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Сабат гүни биз шәхерден деря якасына чыкдык. Ол ерде ыбадат эдилйән ериң бардыгыны билйәрдик. Онсоң ол ерде йыгнанан аяллар билен отурып, олара гүррүң бермәге башладык.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 16:13
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.


Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.


Bir Sabat güni Isa sinagogalaryň birinde halka öwredýärdi.


Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady.


Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar.


Pawlus bilen Barnap ýahudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, halk indiki Sabat güni-de bu zatlar dogrusynda gürrüň bermeklerini olardan haýyş etdi.


Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi.


Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ