Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.
Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy.
Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.