Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:36 - Mukaddes Kitap

36 Birnäçe günden soň Pawlus Barnaba: «Indi Rebbiň Hoş Habaryny wagyz eden şäherlerimize dolanyp baraly, ol ýerdäki doganlarymyzy görüp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Бирнәче гүнден соң Павлус Барнаба: «Инди Реббиң Хош Хабарыны вагыз эден шәхерлеримизе доланып баралы, ол ердәки доганларымызы гөрүп, хал-ягдайларыны соралы» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:36
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Esteriň hal-ýagdaýyny we oňa näme bolýanyny bilmek üçin, Mordekaý her gün haremhananyň howlusynyň öňünde gezmelärdi.


Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.


Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.


ýalaňaçdym – don berdiňiz, hassadym – bejerdiňiz, zyndandadym – görmäge geldiňiz“.


kesekidim – myhman almadyňyz, ýalaňaçdym – don bermediňiz, hassadym we tussagdym – ýanyma gelip görmediňiz“.


Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler.


Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar.


Musa kyrk ýaşyna ýetende, öz ildeşleri bolan ysraýyl halkynyň arasyna görme-görşe gitmegi ýüregine düwdi.


Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär.


Bulardan başga-da, ähli ýygnaklar baradaky gaýgy-aladalar günde üstümi basmarlaýar.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.


Men hoşlaşyk pursadyndaky gözýaşlaryňy ýatlaýaryn, şatlykdan dolmak üçin seniň bilen didarlaşmagy küýseýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ