Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:29 - Mukaddes Kitap

29 butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 бутлара хөдүрленен гурбанлык этини иймекден, зынадан, дамагы чалынмадык харам хайваның этинден ве ганындан даш дуруң. Шулардан саклансаңыз, ягшы иш эдерсиңиз. Хош, саг-саламат болуң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:29
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.


Çünki her bir jandaryň jany ganyndadyr. Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: ‘Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr’. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin.


Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi.


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi.


Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“ diýip ýazylan haty ýollapdyk».


Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym».


Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ