Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:25 - Mukaddes Kitap

25 Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шонуң үчин хем арамыздан бирнәче адамы сайлап, олары эзиз достларымыз Барнап ве Павлус билен биле сизиң яныңыза ёлламагы бир агыздан карар этдик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:25
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Pawlus we Barnap hem Antiýohda galdylar. Olar başgalar bilen birlikde halka sapak öwredip, Reb Isa hakyndaky Hoş Habary wagyz etdiler.


Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Reb üçin arman-ýadaman zähmet çekýän aýal doganlarymyz Trufaýyna we Trufosa salam aýdyň. Reb üçin köp zähmet çekýän eziz aýal doganymyz Perse hem salam aýdyň.


Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer.


Rebbiň sadyk hyzmatkäri bolan söýgüli işdeşimiz hem doganymyz Tihik men hakda size ähli zady habar berer.


Onuň bilen bile ýanyňyza öz şäheriňizden bolan, sadyk we söýgüli doganymyz Onesim-de barar. Olar size bu ýerde bolup geçýän ähli wakalary gürrüň bererler.


Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ