Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:22 - Mukaddes Kitap

22 Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Соңра ресуллар ве йыгнагың ёлбашчылары тутуш иманлылар йыгнагы билен бирликде бирнәче адамы сайлап, олары Павлус хем-де Барнап билен Антиёха ибермек карарына гелдилер. Олар ики адамы: Барсаба лакамлы Юдасы ве Силасы сайладылар, оларың икиси-де доганларың арасында ёлбашчыдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:22
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tutuş halk Dawudyň bu bolşuny görüp, ony makullady. Patyşanyň edýän ähli işinden hoşal bolşy ýaly, halk bu gezek hem ondan hoşal boldy.


Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi.


Şeýlelikde, iki adamy öňe çykardylar. Olaryň biri Barsap lakamly Ýusup (oňa Ýustus hem diýýärdiler), beýlekisi bolsa Mattiýdi.


Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik.


Şeýlelikde, biz Ýudas bilen Silasy ýollaýarys, olar biziň ýazanlarymyzy dil üsti bilen tassyklarlar.


Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.


Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.


Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler.


Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.


Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.


Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler.


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun!


Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!


Bu gysga hatymy size sadyk doganym Silwan arkaly ýazdym. Munuň bilen sizi ruhlandyryp, Hudaýyň hakyky merhemetine şaýatlyk etdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ